"Ibni Abbasyň (Allah olardan razy bolsun) Meýmuna bint El-Haris (enemizden) rowaýat etmegine görä, (Meýmuna enemiz) (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “(Bir gezek men) Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme gusul eder ýaly suw taýynlap goýdym we Onuň öňüni ýapdym. Ol (ilki bilen) eline suw akydyp, iki ýa üç gezek ýuwdy”.
Suleýman “Üçünji gezegi, aýdandygyny ýa aýtmadygyny bilemok?” diýdi.
“Soňra sag eli bilen çep eline suw akydyp, uýat ýerlerini ýuwdy. Soň bolsa elini ýere ýa-da haýata sürtdi. Soňra agzyna we burnuna suw aldy. Soňra ýüzüni we ellerini, şeýle hem kellesini ýuwdy. Soň bedenine (suw) akytdy, soň duran ýerinden başga ýere geçip, aýaklaryny ýuwdy. Ondan soň men oňa (süpürinmek üçin bir bölek) mata berdim, ýöne ol eli bilen yşarat edip, islemeýändigini bildirdi”.
"