240

73-nji bap

240

73-nji bap

240

73-nji bap

"Abdulla ibn Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Käbäniň ýanynda namaz okap durdy. Ebu Jehl we onuň ýoldaşlary (oňa golaýrak bir ýerde) otyrdylar. Olaryň içinde biri beýlekilerine “Haýsy biriňiz pylan taýpanyň öldüren düýesiniň iç-goşlaryny (ýatgysyny) getirip, sejdä giden wagty, ony Muhammediň arkasynda goýup bilersiňiz?!” diýdi. (Abdulla ibn Mas’ud Allah ondan razy bolsun şeýle diýdi): “Olaryň içindäki iň betbagt adam gidip, içegeleri getirdi, soň bolsa pursada garaşyp durdy. Haçan-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sejdä giden wagty, ony arkasynda, iki pilçesiniň (omuznyň) arasynda goýdy. Men bolsam oňa (çäresiz) hiç zat edip bilmän, seredip durdum. Käşgä, meniň hem arkamda (dag ýaly) durup biljek adamlar bar bolsady”. (Abdulla ibn Mas’ud Allah ondan razy bolsun şeýle diýdi): “Soňra olar biri-birleriniň (üstüne ýykylyp), barmaklaryny uzadyp, (Onuň üstünden) gülüp başladylar. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bolsa tä Fatyma gelýänçä, başyny sejdeden ýokary galdyryp bilmän durdy. Fatima gelip onuň üstünden içegeleri aýryp taşlady. Soňra Resulullah sallallahu aleýhi wesellem başyny galdyryp: “Allahym! Kuraýşlary Saňa tabşyrýaryn!” diýip, üç gezek gaýtalady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň eden bed dogasy olara agyr degdi”. (Abdulla ibn Mas’ud Allah ondan razy bolsun şeýle diýdi): “Çünki olar bu şäherde (bed) dogalaryň kabul boljagyna ynanýardylar. Soňra ýeke-ýeke atlaryny tutup: “Allahym! Ebu Jähli saňa tabşyrýaryn! ‘Utba ibn Rabi’any, Şeýbe ibn Rabi’any, El-Welid ibn ‘Utbany, Umeýýe ibn Halafy we ‘Ukba ibn Ebu Mu’yty Saňa tabşyrýaryn!” diýip, (olara bed) doga etdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýedi sany adamyň adyny tutdy, ýöne bu hadysy rowaýat eden adam ýedinjiniň adyny ýatda saklap bilmändir. (Abdulla ibn Mas’ud Allah ondan razy bolsun ýene-de şeýle diýdi): “Janym Elinde bolan Allahdan ant içýärin, Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň atlaryny tutup, bet doga eden adamlarynyň hemmesini (bir ýerde) – Bedr guýularynyň biriniň içinde jansyz ýagdaýda (taşlanandyklaryny) gördüm!” "

حَدَّثَنَا عَبْدَانُ، قَالَ: أَخْبَرَنِي أَبِي، عَنْ شُعْبَةَ، عَنْ أَبِي إِسْحَاقَ، عَنْ عَمْرِو بْنِ مَيْمُونٍ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ، قَالَ: بَيْنَا رَسُولُ اللَّهِ ﷺ سَاجِدٌ قَالَ: ح وحَدَّثَنِي أَحْمَدُ بْنُ عُثْمَانَ، قَالَ: حَدَّثَنَا شُرَيْحُ بْنُ مَسْلَمَةَ، قَالَ: حَدَّثَنَا إِبْرَاهِيمُ بْنُ يُوسُفَ، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ أَبِي إِسْحَاقَ، قَالَ: حَدَّثَنِي عَمْرُو بْنُ مَيْمُونٍ، أَنَّ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ مَسْعُودٍ حَدَّثَهُ أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ كَانَ يُصَلِّي عِنْدَ البَيْتِ، وَأَبُو جَهْلٍ وَأَصْحَابٌ لَهُ جُلُوسٌ، إِذْ قَالَ بَعْضُهُمْ لِبَعْضٍ: أَيُّكُمْ يَجِيءُ بِسَلَى جَزُورِ بَنِي فُلاَنٍ، فَيَضَعُهُ عَلَى ظَهْرِ مُحَمَّدٍ إِذَا سَجَدَ؟ فَانْبَعَثَ أَشْقَى القَوْمِ فَجَاءَ بِهِ، فَنَظَرَ حَتَّى سَجَدَ النَّبِيُّ ﷺ، وَضَعَهُ عَلَى ظَهْرِهِ بَيْنَ كَتِفَيْهِ، وَأَنَا أَنْظُرُ لاَ أُغْنِي شَيْئًا، لَوْ كَانَ لِي مَنَعَةٌ، قَالَ: فَجَعَلُوا يَضْحَكُونَ وَيُحِيلُ بَعْضُهُمْ عَلَى بَعْضٍ، وَرَسُولُ اللَّهِ ﷺ سَاجِدٌ لاَ يَرْفَعُ رَأْسَهُ، حَتَّى جَاءَتْهُ فَاطِمَةُ، فَطَرَحَتْ عَنْ ظَهْرِهِ، فَرَفَعَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ رَأْسَهُ ثُمَّ قَالَ: «اللَّهُمَّ عَلَيْكَ بِقُرَيْشٍ». ثَلاَثَ مَرَّاتٍ، فَشَقَّ عَلَيْهِمْ إِذْ دَعَا عَلَيْهِمْ، قَالَ: وَكَانُوا يَرَوْنَ أَنَّ الدَّعْوَةَ فِي ذَلِكَ البَلَدِ مُسْتَجَابَةٌ، ثُمَّ سَمَّى: اللَّهُمَّ عَلَيْكَ بِأَبِي جَهْلٍ، وَعَلَيْكَ بِعُتْبَةَ بْنِ رَبِيعَةَ، وَشَيْبَةَ بْنِ رَبِيعَةَ، وَالوَلِيدِ بْنِ عُتْبَةَ، وَأُمَيَّةَ بْنِ خَلَفٍ، وَعُقْبَةَ بْنِ أَبِي مُعَيْطٍ» - وَعَدَّ السَّابِعَ فَلَمْ يَحْفَظْ -، قَالَ: فَوَالَّذِي نَفْسِي بِيَدِهِ، لَقَدْ رَأَيْتُ الَّذِينَ عَدَّ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ صَرْعَى، فِي القَلِيبِ قَلِيبِ بَدْرٍ.