233

70-nji bap

233

70-nji bap

233

70-nji bap

"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir wagtlar) ‘Ukl (ýa-da ‘Uraýna) taýpasyndan bolan adamlar Medinä geldiler. (Ýarawsyzlyklary sebäpli, Medinäniň) howasy (olara ýakmady we olar) özlerini oňaýsyz duýdylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara (birnäçe wagtlap) süýtli düýeleriň saklanýan ýerine baryp, düýeleriň peşewinden we süýdünden içmeklerini emr etdi. Olar (aýdylan ýere) bardylar, haçan-da olar (kesellerinden) gutulyp, düzelensoňlar, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň çopanyny öldürip, onuň mallaryny bolsa sürüp, özleri bilen alyp gitdiler. Bu habar (Medinä) gündiz ir bilen gelip ýetdi. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) olaryň yzyndan (bir goşun) ugratdy. Eýýäm günortana çenli olary (Medinä) getirdiler. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) olaryň ellerini we aýaklaryny kesmegi emr etdi. (Üstesine-de, gyzgyn demir bilen) olaryň gözleri oýuldy. Soňra olary Harra (diýilýän ýere) taşladylar. Olar içmäge suw soradylar, ýöne hiç kim olara suw bermedi”. (Bu hadysy Enesden rowaýat eden) Ebu Kylaba şeýle diýdi: “Bular ogurlyk eden, (adam) öldüren we iman edenlerinden soň, kapyr bolan hem-de Allaha we Onuň Resulyna garşy söweşen adamlardy”. "

حَدَّثَنَا سُلَيْمَانُ بْنُ حَرْبٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا حَمَّادُ بْنُ زَيْدٍ، عَنْ أَيُّوبَ، عَنْ أَبِي قِلاَبَةَ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ، قَالَ: قَدِمَ أُنَاسٌ مِنْ عُكْلٍ أَوْ عُرَيْنَةَ، فَاجْتَوَوْا المَدِينَةَ «فَأَمَرَهُمُ النَّبِيُّ ﷺ، بِلِقَاحٍ، وَأَنْ يَشْرَبُوا مِنْ أَبْوَالِهَا وَأَلْبَانِهَا» فَانْطَلَقُوا، فَلَمَّا صَحُّوا، قَتَلُوا رَاعِيَ النَّبِيِّ ﷺ، وَاسْتَاقُوا النَّعَمَ، فَجَاءَ الخَبَرُ فِي أَوَّلِ النَّهَارِ، فَبَعَثَ فِي آثَارِهِمْ، فَلَمَّا ارْتَفَعَ النَّهَارُ جِيءَ بِهِمْ، «فَأَمَرَ فَقَطَعَ أَيْدِيَهُمْ وَأَرْجُلَهُمْ، وَسُمِرَتْ أَعْيُنُهُمْ، وَأُلْقُوا فِي الحَرَّةِ، يَسْتَسْقُونَ فَلاَ يُسْقَوْنَ». قَالَ أَبُو قِلاَبَةَ: فَهَؤُلاَءِ سَرَقُوا وَقَتَلُوا، وَكَفَرُوا بَعْدَ إِيمَانِهِمْ، وَحَارَبُوا اللَّهَ وَرَسُولَهُ.