"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Fatyma bint Ebu Hubeýş Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah, (bimarlykdan ýaňa) meniň ganym (kesilmän), yzygider dowam edýär. Arassalanyp bilemok, namazymy taşlamaly bolarynmy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Ýok, bu eýýäm aýbaşyň gany däl-de, damardan gelýän ganydyr. Haçan-da, seniň hakyky aýbaşyň (adaty döwüri) başlanda, namazyňy okama we (şol adaty döwüriň wagty) gutaransoň bolsa, ganyňy ýuw-da, namazyňy okaý” diýdi.
Hişäm ibn ‘Urwanyň aýtmagyna görä, kakasy (‘Urwa ibn Az-Zubeýr) oňa şeýle diýipdir: “Mundan başga-da, indiki (aýbaşy döwüriň) gelýänçä, her namaz üçin täret al” diýdi.
"