Äsmäden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir aýal Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Biziň birimiziň eşigine aýbaşy döwründe gan degse näme etmeli?” diýip sorady. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) oňa “(Ilki bilen) owkalap, eşiginden ganyň yzlaryny aýyrsyn, soňra suw bilen owkalap, (ýuwup, syksyn), soňra üstüne suw sepsin. Şondan soň, ol eşikde namaz okap biler” diýdi.