Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) bir beduin ýerinden turup, mesjidiň içinde peşew edip başlady. Adamlar oňa hüjüm etmek üçin (gahar bilen) ýerlerinden turup başladylar, ýöne Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara “Oňa degmäň. Peşewiniň üstünden bir bedre (ýa-da bir çelek) suw guýuň, çünki siz, hakykatdanam, (adamlara) kynçylyk döredýänler däl-de, diňe ýeňillik döretmek üçin iberildiňiz” diýdi.