1980

60-nji bap

1980

60-nji bap

1980

60-nji bap

"Abdulla ibn ‘Amrdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme meniň agyz bekleýşim hakynda agzanlarynda, ol meniň ýanyma geldi. Men derrew oňa içi palma süýümleri bilen doldurylan bir deri ýassyk uzatdym. Ýöne ol ýerde oturdy we ýassyk, meniň bilen onuň arasynda galdy. Soňra ol maňa: “Aýda üç gün agyz beklemek seniň üçin ýeterlik dälmi?” diýdi. Men: “Ýa Resulallah!...(Men has köp agyz bekläp hem bilerin!)” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Onda aýda bäş gün agyz bekläý!” diýdi. Men: “Ýa Resulallah!...(Men ondan hem artdyryp bilerin!)” diýdim. Soňra ol: “Onda aýda ýedi gün agyz bekläý!” diýdi. Men: “Ýa Resulallah!...(Men ondan hem artdyryp bilerin!)” diýdim. “Onda aýda dokuz gün agyz bekläý!” diýdi. Men: “Ýa Resulallah!...( Men ondan hem artdyryp bilerin!)” diýdim. “Onda aýda on bir gün agyz bekläý!” diýdi. Soňra ýene-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Dawut aleýhissalamyň orazasyndan gowy oraza ýokdur; Ol ýylyň ýarysyny agyz bekläp geçirerdi. (Senem) bir gün agzyňy bekle-dem bir günem açaý!” diýdi."

حَدَّثَنَا إِسْحَاقُ بْنُ شَاهِينَ الوَاسِطِيُّ، حَدَّثَنَا خَالِدُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، عَنْ خَالِدٍ الحَذَّاءِ، عَنْ أَبِي قِلاَبَةَ، قَالَ: أَخْبَرَنِي أَبُو المَلِيحِ، قَالَ: دَخَلْتُ مَعَ أَبِيكَ عَلَى عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عَمْرٍو، فَحَدَّثَنَا: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ ذُكِرَ لَهُ صَوْمِي، فَدَخَلَ عَلَيَّ، فَأَلْقَيْتُ لَهُ وِسَادَةً مِنْ أَدَمٍ حَشْوُهَا لِيفٌ، فَجَلَسَ عَلَى الأَرْضِ، وَصَارَتِ الوِسَادَةُ بَيْنِي وَبَيْنَهُ، فَقَالَ: «أَمَا يَكْفِيكَ مِنْ كُلِّ شَهْرٍ ثَلاَثَةُ أَيَّامٍ؟»، قَالَ: قُلْتُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، قَالَ: «خَمْسًا»، قُلْتُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، قَالَ: «سَبْعًا»، قُلْتُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، قَالَ: «تِسْعًا»، قُلْتُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، قَالَ: «إِحْدَى عَشْرَةَ»، ثُمَّ قَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «لاَ صَوْمَ فَوْقَ صَوْمِ دَاوُدَ عَلَيْهِ السَّلاَمُ شَطْرَ الدَّهَرِ، صُمْ يَوْمًا، وَأَفْطِرْ يَوْمًا«.