1977

57-nji bap

1977

57-nji bap

1977

57-nji bap

"Abdulla ibn ‘Amrdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Meniň yzly-yzyna agyz bekläp, gijelerine-de namaz okap geçirişim, Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme baryp ýetipdir. Şonuň üçinem ýa maňa habarçy iberdi, ýa-da men onuň bilen duşuşanymda ol maňa şeýle diýdi: “Seniň ara maý salman yzly-yzyna oraza tutýandygyň hem-de (ýatman) gijelerine namaz okap geçirýändigiňi maňa habar berdiler, bu dogrumy? Agzyňy hem bekle, hem aç, gijelerine-de hem ýat, hem ybadat et. Çünki, seniň boýnuňda gözleriň paýy bardyr, bedeniň we maşgalaň hem paýlary bardyr” diýdi. Abdulla: “Meniň güýç-kuwwatym ýerinde” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Beýle bolsa, Dawut aleýhissalamyň oraza tutuşy ýaly, oraza tut!” diýdi. “Dawut aleýhissalamyň orazasy nähili?” diýip soranymda, “Bir gün tutardy, bir gün açardy. Duşman bilen garşylaşan wagty hem hiç haçan gaçmazdy” diýdi. Abdulla: “Eý Allahyň Pygamberi! Maňa bu (ukyby) kim berip biler?” diýdi. ‘Ata şeýle diýdi: “Men bu kyssada ebedi agyz beklemegiň nädip agzalandygyny bilemok, ýöne Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem iki gezek: “Hemişe agzyny bekläp ýören adam, agyz beklemedik ýalydyr” diýipdir."

حَدَّثَنَا عَمْرُو بْنُ عَلِيٍّ، أَخْبَرَنَا أَبُو عَاصِمٍ، عَنِ ابْنِ جُرَيْجٍ، سَمِعْتُ عَطَاءً، أَنَّ أَبَا العَبَّاسِ الشَّاعِرَ، أَخْبَرَهُ أَنَّهُ، سَمِعَ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ عَمْرٍو رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: بَلَغَ النَّبِيَّ ﷺ، أَنِّي أَسْرُدُ الصَّوْمَ، وَأُصَلِّي اللَّيْلَ، فَإِمَّا أَرْسَلَ إِلَيَّ وَإِمَّا لَقِيتُهُ، فَقَالَ: «أَلَمْ أُخْبَرْ أَنَّكَ تَصُومُ وَلاَ تُفْطِرُ، وَتُصَلِّي؟ فَصُمْ وَأَفْطِرْ، وَقُمْ وَنَمْ، فَإِنَّ لِعَيْنِكَ عَلَيْكَ حَظًّا، وَإِنَّ لِنَفْسِكَ وَأَهْلِكَ عَلَيْكَ حَظًّا»، قَالَ: إِنِّي لَأَقْوَى لِذَلِكَ، قَالَ: «فَصُمْ صِيَامَ دَاوُدَ عَلَيْهِ السَّلاَمُ» قَالَ: وَكَيْفَ؟ قَالَ: «كَانَ يَصُومُ يَوْمًا وَيُفْطِرُ يَوْمًا، وَلاَ يَفِرُّ إِذَا لاَقَى»، قَالَ: مَنْ لِي بِهَذِهِ يَا نَبِيَّ اللَّهِ؟ - قَالَ عَطَاءٌ: لاَ أَدْرِي كَيْفَ ذَكَرَ صِيَامَ الأَبَدِ - قَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «لاَ صَامَ مَنْ صَامَ الأَبَدَ» مَرَّتَيْنِ.