"Abdulla ibn ‘Amr ibn ‘Asdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa: “Abdulla! Seniň gündizlerine oraza tutup, gijelerine ybadat bilen geçirýändigiňi maňa habar berdiler, bu dogrumy?” diýdi. “Hawa, ýa Resulallah!” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Beýle etme! Agzyňy hem bekle hem aç, gijelerine-de hem ýat hem ybadat et. Çünki, seniň boýnuňda bedeniň haky bardyr, gözleriň haky bardyr, aýalyň haky bardyr, we myhmanlaryň hem haky bardyr. Her aýda üç gün oraza tutmak seniň üçin ýeterlikdir. Çünki, her bir ýagşylyk üçin on esse sogap bardyr. Şeýlelikde bütin bir ýyllap agyz bekledigiň bolar” diýdi.
Abdulla şeýle diýdi: “Men bekine tutup kynlaşdyrdygymça, maňa zor düşdi. Men: “Ýa Resulallah! Men özümi güýçli duýýaryn” diýdim. “Beýle bolsa, Dawut aleýhissalamyň oraza tutuşy ýaly, oraza tut, şondan artdyrma!” diýdi. “Dawut aleýhissalamyň orazasy nähili?” diýip soranymda, “Ýylyň ýarysyny oraza tutup geçirmekdir” diýdi.
Abdullanyň ýaşy ötüşenden soňra: “Käşgä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň rugsadyny kabul eden bolsadym” diýerdi”. "