Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Remezan aýyndan başga, doly bir aýlap hiç haçan agyz beklemedi. Kämahallar ol şeýle bir oraza tutardy welin, ony gören adam: “Ýok, Wallahi! Ol (bu aýda) asla agzyny açmaz” diýerdi. Kämahallar bolsa, oraza tutmazdy, ony gören adam: “Ýok, Wallahi! Ol (bu aýda) asla agyz beklemeýär” diýerdi”.