Ibn Ebu Ewfadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen saparda boldum. Ol agzyny bekledi. Haçanda, agşam bolanda bir adama: “Düş-de, maňa nahary garyp ber!” diýdi. Ol adam: “Agşama çenli biraz garaşaýsadyňyz!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Düş-de, maňa nahary garyp ber! Egerde, bu tarapdan gijäniň gelýänini gördüňmi, agzy bekli adamyň agzy açyldy diýildigidir” diýdi.