Jäbirden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) men özümi bilmän, hassa bolup ýatyrkam, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem meni soramaga geldi. Ol (meniň öýümde) täret aldy, soňra täret suwundan meniň üstüme dökdi. Men özüme geldim-de: “Ýa Resulallah, miras kime galarka? Meniň mirasdüşerlerimiň (hemmesi) daşgyn garyndaşlarymdan ybarat” diýdim. Şondan soň miras hakynda aýat indi.