"Amr öz kakasyndan habar berip şeýle diýdi: “(Bir gün) men Amr ibn Ebu Hasanyň, Abdulla ibn Zeýdden Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň täret alşy barada soran wagty, oňa şaýat bolupdym: “Ol (Abdulla ibn Zeýd) bir tas suw getirmeklerini isledi we olara täret alyp görkezdi: Gaby egip, eline suw akdyrdy we üç gezek ellerini ýuwdy, soň eli bilen gapdan suw alyp, üç gezek agzyny ýuwdy we burnuna suw alyp sümgürip arassalady. Soňra gabyň içine elini sokup, üç gezek ýüzüni ýuwdy, soň ýene elini gaba sokup, gollaryny tirseklerine çenli iki-ikiden ýuwdy, ondan soň elini gabyň içine salyp, iki elini kellesiniň öňünden arkasyna, (arkasyndan hem) öňüne geçirip mesh etdi, soň bolsa ýene-de elini gabyň içine sokup, suw alyp aýaklaryny ýuwdy”.
Musa, Wähbden habar berip şeýle diýdi: “Ol kellesine bir gezek mesh etdi”."