1870

1-nji bap

1870

1-nji bap

1870

1-nji bap

"Alydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bizde Allahyň kitabyndan we Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şu sahypalardaky (ýazdyran) zadyndan başga hiç zat ýok: “Medine ‘Air (dagyndan) şu ýere çenli haramdyr. Kimde-kim şol ýerde bir günä, bidgat iş etse ýa-da bir bidgatça gaçybatalga ýer berse, oňa Allahyň, perişdeleriň we ähli adamlaryň näleti bolar. Ondan hiç bir parz ýa-da nepil kabul edilmez. Musulmanlar tarapyndan berilýän amanlyk (hemmeler üçin) birdir. Kim bir musulmanyň beren (amanlygyny) ähdini bozsa, oňa Allahyň, perişdeleriň we ähli adamlaryň näleti bolar. Ondan hiç bir parz ýa-da nepil kabul edilmez. (Gulçulykdan azat edilen) haýsydyr bir adam, ony azat eden hojaýynlaryndan birugsat başga bir kowumy hojaýyn edinse, oňa-da Allahyň, perişdeleriň we ähli adamlaryň näleti bolar. Ondan hem hiç bir parz ýa-da nepil kabul edilmez”."

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ بَشَّارٍ، حَدَّثَنَا عَبْدُ الرَّحْمَنِ، حَدَّثَنَا سُفْيَانُ، عَنِ الأَعْمَشِ، عَنْ إِبْرَاهِيمَ التَّيْمِيِّ، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ عَلِيٍّ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، قَالَ: مَا عِنْدَنَا شَيْءٌ إِلَّا كِتَابُ اللَّهِ، وَهَذِهِ الصَّحِيفَةُ عَنِ النَّبِيِّ ﷺ: المَدِينَةُ حَرَمٌ، مَا بَيْنَ عَائِرٍ إِلَى كَذَا، مَنْ أَحْدَثَ فِيهَا حَدَثًا، أَوْ آوَى مُحْدِثًا، فَعَلَيْهِ لَعْنَةُ اللَّهِ وَالمَلاَئِكَةِ وَالنَّاسِ أَجْمَعِينَ، لاَ يُقْبَلُ مِنْهُ صَرْفٌ وَلاَ عَدْلٌ، وَقَالَ: ذِمَّةُ المُسْلِمِينَ وَاحِدَةٌ، فَمَنْ أَخْفَرَ مُسْلِمًا فَعَلَيْهِ لَعْنَةُ اللَّهِ وَالمَلاَئِكَةِ وَالنَّاسِ أَجْمَعِينَ، لاَ يُقْبَلُ مِنْهُ صَرْفٌ، وَلاَ عَدْلٌ، وَمَنْ تَوَلَّى قَوْمًا بِغَيْرِ إِذْنِ مَوَالِيهِ، فَعَلَيْهِ لَعْنَةُ اللَّهِ وَالمَلاَئِكَةِ وَالنَّاسِ أَجْمَعِينَ، لاَ يُقْبَلُ مِنْهُ صَرْفٌ، وَلاَ عَدْلٌ، قَالَ أَبُو عَبْدِ اللَّهِ: عَدْلٌ: فِدَاءٌ.

Salgylanma:

” •Namazda, orazada we başga ybadatlardaky nepil ybadatlar göz öňüne tutulýar. Arapçada bu söz “adl” diýip gelýär. Buhary bu söze fidýe diýip hem düşündiripdir. •Ýagny bir musulman bir kapyra beren amanlygy, howpsuzlygy ähli musulmanlar üçin ygtybarlydyr.”