"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinä gelip, mesjid gurmagy emr etdi. (Munuň üçin hem Benu Nejjar ogullaryna): “Eý, Benu Nejjar ogullary, maňa bu ýeriň bahasyny aýdyň!” diýdi. Olar hem: “Ýok, biz munuň bahasyny (senden) islemeýäris, biz ony diňe Allahdan isleýäris!” diýdiler.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň buýrugy bilen şol ýerlerden müşrikleriň gabyrlary göçürildi, (büdür-südür nätekiz) haraba ýerler tekizlendi, hurma agaçlary bolsa kesilip, olary diwar hökmünde (guruljak) mesjidiň kybla tarapynda hatara düzülip goýuldy”."