Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hajdan gaýdyp gelenden soň, Ummu Sinan Ensaryýýa (diýilýän bir aýaldan): “Saňa biziň bilen haja gitmäge näme päsgel berdi?” diýip sorady. Ol aýal: “Pylany, diýip öz adamsyny göz öňüne tutup; Onuň diňe iki sany düýesi bardy. Birini haja münüp gitdi, beýlekisi bolsa, biziň ýerimizi suwarýar” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: (“Remezan aýynda umra et!) Çünki, Remezanda edilen umra, meniň bilen bile edilen hajyň sogabyna barabardyr” diýdi.