Abdulla ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “(Bir gezek Abbasyň ogly) Fadl Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň düýesiniň üstünde onuň arkasynda otyrka, Has‘am taýpasyndan bir aýal geldi. Şol wagt Fadl aýala, aýal bolsa Fadla seredip başlady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Fadlyň ýüzüni başga tarapa öwürdi. Ol aýal: “Allahyň bendelerine haj etmek parzy kakamyň gaty garran çagyna gabat geldi. Indi, ol düýäniň üstünde ykjam durup hem bilenok. Onuň ýerine men haj etsem bolarmy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hawa, (edip bilersiň)” diýdi. Bu waka Hajjatul-Weda‘da (hoşlaşyk hajynda) bolup geçipdi”.