Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Arafatda duran bir adam, birden öz düýesinden ýykylyp, boýnuny döwdürip (öldi). Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ony suw we sidr bilen ýuwuň-da, iki bölek mata bilen kepenläň. Ýöne oňa hiç-hili hoşboý yslardan çalmaň, kellesini örtmäň we ys hem tütetmäň. Çünki, ol Kyýamat güni “Lebbeýk, Allahumme lebbeýk!” diýip telbiýe aýdan halynda direler” diýdi.