183

37-nji bap

183

37-nji bap

183

37-nji bap

"Ibn Abbasyň ozal azat eden guly bolan Kureýbden habar berilmegine görä, Ibn Abbas (Allah ondan razy bolsun) oňa habar berip şeýle diýipdir: “Bir gije (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýallaryndan bolan) daýzam Meýmunanyň ýanynda galdym. Men düşegiň üstünde keseligine ýatdym. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bolsa aýaly bilen (ýerlerine geçip), düşegiň boýuna, uzynlygyna ýatdylar. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem takmynan gijäniň ýarsyna çenli ýatdy. Soňra Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (ukudan oýanyp, ýatan) ýerinden turup oturdy we elleri bilen ukusyndan açylmak üçin ýüzüni süpürip başlady. Soňra “Äli-Ymran” süresiniň soňky on aýatyny okady. Ondan soň turup, asylgy duran suwly tulumdan gowy edip täret alyp, soň turup, namaz okap başlady”. Ibn Abbas şeýle diýdi: “Men hem turup, edil onuň edişi ýaly etdim we gidip, onuň çep tarapynda namaza durdum. Ol sag elini meniň kellämiň üstünde goýdy we sag gulagymdan tutup, (ýuwaşja) owkalady. Soňra iki rekagat namaz okady, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat okady. Ondan soň bir rekagat witr namazyny okady. Soňra azançy gelýänçä, geçip uzanyp ýatdy. Soňra turup, iki rekagat ýeňilje namaz okady, ondan soň (öýünden) çykyp, (mesjitde) Ertir namazyny okady”."

حَدَّثَنَا إِسْمَاعِيلُ، قَالَ: حَدَّثَنِي مَالِكٌ، عَنْ مَخْرَمَةَ بْنِ سُلَيْمَانَ، عَنْ كُرَيْبٍ، مَوْلَى ابْنِ عَبَّاسٍ أَنَّ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ عَبَّاسٍ أَخْبَرَهُ أَنَّهُ بَاتَ لَيْلَةً عِنْدَ مَيْمُونَةَ زَوْجِ النَّبِيِّ ﷺ وَهِيَ خَالَتُهُ فَاضْطَجَعْتُ فِي عَرْضِ الوِسَادَةِ وَاضْطَجَعَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ وَأَهْلُهُ فِي طُولِهَا، فَنَامَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، حَتَّى إِذَا انْتَصَفَ اللَّيْلُ، أَوْ قَبْلَهُ بِقَلِيلٍ أَوْ بَعْدَهُ بِقَلِيلٍ، اسْتَيْقَظَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، فَجَلَسَ يَمْسَحُ النَّوْمَ عَنْ وَجْهِهِ بِيَدِهِ، ثُمَّ قَرَأَ العَشْرَ الآيَاتِ الخَوَاتِمَ مِنْ سُورَةِ آلِ عِمْرَانَ، ثُمَّ قَامَ إِلَى شَنٍّ مُعَلَّقَةٍ، فَتَوَضَّأَ مِنْهَا فَأَحْسَنَ وُضُوءَهُ، ثُمَّ قَامَ يُصَلِّي. قَالَ ابْنُ عَبَّاسٍ: فَقُمْتُ فَصَنَعْتُ مِثْلَ مَا صَنَعَ، ثُمَّ ذَهَبْتُ فَقُمْتُ إِلَى جَنْبِهِ، فَوَضَعَ يَدَهُ اليُمْنَى عَلَى رَأْسِي، وَأَخَذَ بِأُذُنِي اليُمْنَى يَفْتِلُهَا، فَصَلَّى رَكْعَتَيْنِ، ثُمَّ رَكْعَتَيْنِ، ثُمَّ رَكْعَتَيْنِ، ثُمَّ رَكْعَتَيْنِ، ثُمَّ رَكْعَتَيْنِ، ثُمَّ رَكْعَتَيْنِ، ثُمَّ أَوْتَرَ، ثُمَّ اضْطَجَعَ حَتَّى أَتَاهُ المُؤَذِّنُ، فَقَامَ فَصَلَّى رَكْعَتَيْنِ خَفِيفَتَيْنِ، ثُمَّ خَرَجَ فَصَلَّى الصُّبْحَ