Abdulla ibn Mes‘uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Minadaky bir gowakda wagtymyz, oňa: “Murselat” süresi inipdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ol süräni okaýardy, men hem onuň agzyndan aljak bolup synanyşýardym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýaňy bir okap otyrka, birden üstümize bir ýylan böküp gitdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Öldüriň, ony!” diýip gygyrdy. Biz hem derrew ony öldürmäge synanyşdyk, ýöne ol gaçyp gitdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Onuň sizden geljek şerden goralyşy ýaly, sizi hem onuň şerinden goraldy” diýdi.