"Ebu Musa Aş‘arydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men (Ýemenden) yzyma gaýdyp gelenimde, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (eýýäm, Mekgäniň golaýyndaky) Bathada düýesini çökerdip (şol ýerde düşläpdi). Ol maňa: “Haja niýet etdiňmi?” diýdi. Men: “Howa” diýdim. Ol menden: “Sen haýsy niýet bilen yhrama girdiň?” diýip sorady. Men hem: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň niýet edip yhrama girişi ýaly, yhrama girdim” diýip, “Lebbeýk!” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Gowy edipsiň! Indi, Käbäniň daşyndan towaf edip, Safa-Merwäniň arasynda-da sa‘y edenden soňra yhramdan çyk!” diýdi.
Käbäniň daşyndan towaf edip, Safa-Merwäniň arasynda-da sa‘y edenimden soňra, Kaýs taýpasyndan bolan bir zenan maşgalanyň ýanyna geldim, ol meniň saçymyň bitlerini çöpläp (arassalap) berdi. Soňra men (temmetu‘) hajyny etmek niýeti bilen yhrama girip telbiýe etdim. Şondan soň men tä, Omaryň (Allah ondan razy bolsun) halyf bolan döwürine çenli, (adamlara temettu‘hajyny etmek barada) petwa berip geldim. (Soňra muny Omara aýdyp berdim.) Ol: “Eger-de biz Allahyň kitabynda aýdylyşy ýaly amal etsek, onda Ol bize (haj bilen umrany niýet edip yhrama giren bolsak, yhramdan çykman ony doly) tamamlamagymyzy emr edýär. Eger-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýdan sözlerine eýersek, onda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gurbanlyk mallarynyň damagyny çalýança yhramdan çykmady” diýdi."