‘Amr ibn Dinardan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle gürrüň beripdir: “(Bir gezek) biz Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) umra (hajy) üçin Käbäniň daşyndan towaf edip, ýöne Safa-Merwe aralygynda sa‘y etmedik adam aýalyna ýakynlaşyp bilermi?” diýip soradyk. Ibn Omar: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (Mekgä) gelip, ýedi gezek Käbäň daşyndan towaf etdi. Soňra Makamy (Ybrahymyň) arkasynda iki rekagat namaz okady we Safa-Merwe aralygynda ýedi gezek sa’y etdi, soňra bolsa: “Elbetde, siziň üçin Allahyň Pygamberinde gözel görelde bardyr” diýdi.