Mujähid (rahymahullah) şeýle diýdi: “Bir gün ‘Urwa ibn Zubeýr bilen mesjide girdik. Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun), Aişanyň hujresiniň (diwaryna) ýaplanyp oturan eken. Käbir adamlar bolsa, mesjitde (toplanyp) guşluk namazyny okap durdylar. Biz ondan olaryň okap oturan namazlary hakynda soradyk. Ibn Omar: “Bidgat” diýdi. Soňra (‘Urwa), Ibn Omardan: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem näçe gezek umra hajyny etdi?” diýip sorady. Ibn Omar: “Dört gezek, birini Rejep aýynda etdi” diýdi. Biz onuň (ýalňyşyny düzeltjek bolup) oňa garşy çykjak bolmadyk.
•Bidgat – dinimizde bolmadyk bir amal. Bu ýerde Ibn Omaryň (Allah olardan razy bolsun) bidgat diýmeginiň sebäbi, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem guşluk namazyny mesjitde jemagat bolup okamandy.