Nafi‘dan rowaýat edilmegine görä, Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun, Mekgä giden wagty), gijesine Zu Tuwa diýilýän ýerde, iki dag geçelgesiniň arasynda galardy. Soň bolsa Mekgäniň beýik sebitindäki geçelge bilen Mekgä girerdi. Haj ýa-da umra hajy etmek üçin Mekgä gelende, düýesini diňe Mesjidul-Haramyň gapysynda dyza çökererdi, soň bolsa Hajerul-Eswed burçunyň ýanyna gelip, şol ýerden aýlanyp başlardy. Ol Käbäň daşyndan ýedi gezek towaf edip, aýlanardy; Ilkinji üç towafy gaty-gaty ýöräp geçerdi, galan dördüsini bolsa, adaty ýörişi ýaly ýöräp geçerdi. Soňra gidip iki rekagat namaz okardy. Soňra düşlän ýerine gaýdyp barmazdan ozal Safa-Merwe aralygynda sa‘y ederdi. Hajdan ýa-da umradan (Medinä) gaýdyp gelýärkä, Zul-Huleýfedäki Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň düýesini çökerden ýeri bolan Bathada düýesini çökererdi”.