"Salimden rowaýat edilmegine görä, Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) elmydama (ilki bilen) “Jemeratud-Dunýä” ýagny, (Mina tarapdan) iň ýakyn jemerä ýedi daş atardy, her daşy atandan soň “Allahu Akbär!” diýip tekbir ederdi. Soňra öňräk ýöräp, tekiz bir ýerde kybla tarap öwrülip, uzak wagtlap durardy we iki elini ýokary galdyryp doga ederdi. Soňra ortanjy jemerä daş atardy. Soňra çepe ýöräp, tekiz bir ýere çykardy, kyblanyň garşysynda uzak wagtlap durup, Allaha doga edip, ellerini asmana götererdi.
Soňra Akaba jemeresiniň ýanyna gelip, jülgäniň içinden oňa daş atardy. Ýöne onuň ýanynda (doga üçin) durman giderdi we “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň hem edil şeýle edendigini görüpdim” diýerdi."