"Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Minada adamlara ýüzlenip: “Bu gün haýsy gün, bilýäňizmi?” diýdi. Sahabalar: “Allah we onuň Resuly has gowy bilýändir” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bu haram güni, bu şäheriň haýsy şäherdigini bilýäňizmi?” diýdi. Sahabalar: “Allah we onuň Resuly has gowy bilýändir” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bu (içinde uruş etmek) haram edilen şäherdir, bu aýyň haýsy aýdygyny bilýäňizmi?” diýip sorady. Sahabalar: “Allah we onuň Resuly has gowy bilýändir” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bu aý haram aýydyr” diýdi.
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Elbetde, Allah Tagala siziň ganlaryňyzy , mallaryňyzy we namysyňyzy, şu şäherde, şu aýda şu günüňiziň haram edilişi ýaly biri-biriňize haram edendir” diýdi.
Nafi‘dan rowaýat edilmegine görä, Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurbanlyk güni özüniň eden hajynda Jemaratlaryň arasynda durup: “Bu beýik Haj günidir” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allahym şaýat bol!” diýip gaýtalamaga başlady we soňra hem adamlar bilen hoşlaşdy. Sahabalar: “Bu Weda‘ hajy (ýagny hoşlaşyk) hajydyr” diýdiler."