"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurbanlyk güni (Minada) adamlara hutba bilen ýüzlenip: “Eý, adamlar! Bu gün haýsy gün? diýdi. Adamlar: “Bu haram güni” diýip jogap berdiler. Ol ýene: “Bu haýsy şäher?” diýdi. Adamlar: “Bu (içinde uruş etmek) haram edilen şäher” diýip jogap berdiler. Ol: “Bu haýsy aý?” diýip sorady. Adamlar: “Bu haram aýy” diýip jogap berdiler. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Elbetde, siziň ganlaryňyz , mallaryňyz (emlägiňiz) we namysyňyz, şu şäherde, şu aýda şu günüňiziň haram bolşy ýaly biri-biriňize haram edilendir” diýip, birnäçe gezek gaýtalady. Soňra başyny ýokaryk galdyryp: “Allahym! Men ýetirip bildimmi? Allahym! Men ýetirip bildimmi?” diýdi.
Ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun, bu hadysy aýdan soň): “Janym elinde bolan Allahdan ant içýärin! Bu onuň ymmatyna eden wesýeti boldy” diýdi.
(Ýene-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem): “Bu ýerdäkiler bu ýerde bolmadyk adamlara meniň şu sözlerimi ýetirsin. Menden soň kapyrlar ýaly bolup biri-birleriňiziň kelläňizi kesmäň!” diýdi."