Ibn Omardan rowaýat edilmegine görä, Hafsa (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Ýa Resulallah! Näme üçin adamlar umra edip yhramdan çykdylar, ýöne sen umra edip yhramdan çykmadyň?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Men öz saçlarymy telbid etdim (ýagny, toplap ýelimledim), gurbanlyk mallaryma-da bellik etdim. Indi, men tä, gurbanlyk edýänçäm yhramdan çykmaryn” diýdi.