1693

106-nji bap

1693

106-nji bap

1693

106-nji bap

"Näfi‘dan rowaýat edilmegine görä, Abdulla ibn Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) kakasyna: “Bu ýyl haja gitme! Çünki, seni Käbä goýbermezler öýdüp gorkýaryn” diýdi. Ibn Omar: “(Eger şeýle bolsa) men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň edişi ýaly ederin. Çünki Allah Tagala: “Allahyň pygamberinde siziň üçin gözel görelde bardyr” {Ahzab:21} diýip aýtdy” diýdi. Soňra ol: “Men özüme umra etmegi wajyp edendigimi sizi şaýat tutýaryn” diýdi we öýünden yhrama girip telbiýe etdi. Soňra ol ýola düşdi. Haçanda, ol Beýda (diýilýän ýere) ýetende, haj we umra etmek üçin yhram baglap telbiýe etdi we: “Haj bilen umranyň ýagdaýy bir zatdyr” diýdi. Soňra ol Kudeýid diýilýän ýerden gurbanlyk malyny satyn aldy. Soňra Mekgä gelenden soň umra we haj üçin diňe bir gezek towaf etdi we ikisiniň hem (hajyň we umranyň) dessurlaryny doly edýänçä, yhramdan çykmady."

حَدَّثَنَا أَبُو النُّعْمَانِ، حَدَّثَنَا حَمَّادٌ، عَنْ أَيُّوبَ، عَنْ نَافِعٍ، قَالَ: قَالَ عَبْدُ اللَّهِ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمْ لِأَبِيهِ: أَقِمْ، فَإِنِّي لاَ آمَنُهَا أَنْ سَتُصَدُّ عَنِ البَيْتِ، قَالَ: «إِذًا أَفْعَلُ كَمَا فَعَلَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، وَقَدْ قَالَ اللَّهُ»: ﴿لَقَدْ كَانَ لَكُمْ فِي رَسُولِ اللَّهِ أُسْوَةٌ حَسَنَةٌ﴾ [الأحزاب: 21]، «فَأَنَا أُشْهِدُكُمْ أَنِّي قَدْ أَوْجَبْتُ عَلَى نَفْسِي العُمْرَةَ»، فَأَهَلَّ بِالعُمْرَةِ مِنَ الدَّارِ، قَالَ: ثُمَّ خَرَجَ حَتَّى إِذَا كَانَ بِالْبَيْدَاءِ أَهَلَّ بِالحَجِّ وَالعُمْرَةِ، وَقَالَ: «مَا شَأْنُ الحَجِّ وَالعُمْرَةِ إِلَّا وَاحِدٌ»، ثُمَّ اشْتَرَى الهَدْيَ مِنْ قُدَيْدٍ، ثُمَّ قَدِمَ فَطَافَ لَهُمَا طَوَافًا وَاحِدًا، فَلَمْ يَحِلَّ حَتَّى حَلَّ مِنْهُمَا جَمِيعًا.

Salgylanma:

” •Kyran hajyna niýet edýärin diýdi. • Mekge bilen Medinäniň aralygynda bir ýeriň ady.”