"Hafsa (binti Sirinden) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz öňler uly gyzlarymyzyň (baýram namazlaryny okalýan ýere) çykmaklaryny gadagan ederdik. Bir gezek Benu Halaf ogullarynyň köşgüne bir aýal geldi. Ol aýal, öz aýal doganynyň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň sahabalyndan biriniň aýaly bolandygyny we adamsynyň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen on iki söweşde söweşendigini we aýal doganynyň hem şol söweşleriň altysynda adamsy bilen bile söweşe gatnaşandygyny, gürrüň berdi. Onuň aýal dogany: “Biz söweşde näsaglara serederdik we ýaralananlary bejerdik” diýipdir.
Bir gezek ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Ýa Resulallah! Biziň birimiziň jilbaby (ýagny daşary çykanda örtüner ýaly eşigi) ýoklugy sebäpli, (baýram günleri) namaz okalýan ýerlere çykmasa oňa günä bolarmy?” diýip sorapdyr. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Jorasy öz jilbabyndan birini oňa-da geýdirsin we ol mu’minleriň haýyr işlerine we doga-dileglerine gatnaşsyn!” diýipdir”.
(Hafsa binti Sirin şeýle diýdi): “Haçanda, Ummu ‘Atiýýa (Allah ondan razy bolsun) gelende, aýallar ondan (ýa-da biz ondan) bu hakda soradyk.
(Hafsa binti Sirin): “Ummu ‘Atiýa her gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň adyny tutanda: “Kakam Oňa gurban bolsun!” diýerdi” diýdi. Biz Ummu ‘Atiýadan: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle, şeýle diýenini eşitdiňmi?” diýip soradyk. Ummu ‘Atiýýa: “Hawa, kakam Oňa gurban bolsun!” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ýaş gyzlar, perdeleriň aňrysynda oturan uly gyzlar we haýyzly aýallar (baýram gününde) namaz okalýan ýerlere çyksynlar we mu’minleriň haýyr işlerine we doga-dileglerine gatnaşsynlar. Ýöne haýyzly aýallar namaz okalýan ýerden daşrakda dursynlar” diýdi.
Hafsa: “Men ondan: “Hatda, haýyzlylarammy...?” diýip soradym”. Ol: “Hawa. haýyzlylar näme, Arafa we pylan, pylan ýerlere gatnaşmaýarlarmy näme?” diýip jogap berdi” diýdi."