"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly, Ummu Selemeden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men (haj döwründe) syrkawladym we arzymy Resulullah sallallahu aleýhi weselleme aýdyp berdim”.
Bu hadis başga bir rowaýat şeýle gelýär: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Ummu Seleme (Allah ondan razy bolsun) gürrüň berip şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekgede wagty, (Mekgeden) çykyp gitmekçi bolanda, Umm Seleme entäk towaf etmändi we ol hem çykmakçy bolanda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Ertir namazyna kamat aýdylyp, adamlar namaza duran wagtlary sen düýäň üstünde towaf et!” diýdi. Ummu Seleme onuň diýişi ýaly etdi we towaf namazyny okaman daşary çykdy”."