"Ebu Hureýreden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gurbanlyk güni ir säher bilen Minada wagty: “Biz ertir (kureýişliler) biri-birleri bilen öz aralarynda küfüre ähd edip, kasam eden ýerleri bolan, Benu Kinanalylaryň ýurdunda düşläris”. Ýagny, kuraýşlylar we Kinanalylar öz-aralarynda Benu Haşim we Benu Abdulmuttalyb (ýa-da Benu Mutallyb) ogullaryna garşy, tä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi olaryň ellerine gowşurýançalar, olar bilen nika hem-de söwda gatnaşyklaryny etmezlige dil düwüşip, ähd eden ýerleri bolan Muhassab diýilýän jülgäni göz öňüne tutup aýdypdyr.
Ebu Abdulla (Buhary): “Benu Muttalyb, diýilse has takykyrak bolar” diýipdir."