Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa: “(Eý, Aişa!) eger-de, seniň kowumyň küpüre şeýle ýakyn bolmadyk bolsalardy, Käbäni ýykyp, täzeden Ibrahym (aleýhissalamyň) guran binýadynyň üstünden gurardym. Çünki, Kureýişliler guran wagtlary öňküsinden kiçeltdiler, hem-de men onuň arka tarapynda gapy hem goýardym” diýdi.