Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Hijr (Käbäniň daşyndaky aýlawly binýat) Käbädenmi?” diýip soradym. Ol: “Hawa” diýdi. Men ýene-de: “Onda näme üçin olar ony Käbä birikdirmediler?” diýip soradym. Ol: “(Şol wagt) seniň kowumyň pul-serişdeleri ýetmedi” diýdi. Men ýene-de: “Näme sebäpden onuň gapysy ýokarda ýerleşýär? diýip soradym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Islän adamlaryny içeri salyp, islemediklerini bolsa salmazlyk üçin, muny seniň kowumyň şeýle etdi. Eger-de, seniň kowumyň jähiliýýet döwrüne şeýle ýakyn bolmadyk bolsalardy, hem-de muny olaryň ýürekden ýigrenip inkär etmejeklerinden gorkmadyk bolsadym, Hijri Käbä birikdirerdim we onuň gapysyny ýer bilen deň ederdim” diýdi.