Ibn Omardan rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Hafsa (Allah olardan razy bolsun): “Ýa Resulallah! Näme üçin adamlar umra edenden soňlar yhramdan çykdylar, ýöne welin sen çykmadyň?” diýip sorapdyr. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Men öz saçlarymy telbid etdim (ýagny, toplap ýelimledim), gurbanlyk mallaryma-da bellik etdim. Indi, men tä, gurbanlyk edýänçäm yhramdan çykmaryn” diýdi.