1564

34-nji bap

1564

34-nji bap

1564

34-nji bap

"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Jahiliýýet döwründe araplar, haj aýlarynda umra etmegi ýer ýüzünde iň uly günälerden biri hasaplapdyrlar. (Mundan başgada) Muhharram aýyny, Sapar aýy diýlip yglan edipdirler we olar: “Haçanda düýeleriň arkalaryndaky ýararlar bitişip, aýak yzlary ýitip gitse hem-de Sapar aýy çyksa, ana, şol wagt hem, umra etjekler üçin umra etmek halal bolar” diýipdirler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem we onuň sahabalary (Zul-hijje aýynyň) dördünji güni ir-säher bilen haj etmek üçin yhram baglap telbiýe eden hallarynda (Mekgä) geldiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sahabalaryna hajlaryny umra öwürmekligi emr etdi. (Haj aýlarynda umra etmek uly bir günä hasaplaýandyklary üçin) bu olara gaty agyr geldi. Olar: “Ýa Resulallah! Nähili ýagdaýda yhramdan çykmaly biz?” diýip soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Doly ýagdaýda” diýip jogap berdi”."

حَدَّثَنَا مُوسَى بْنُ إِسْمَاعِيلَ، حَدَّثَنَا وُهَيْبٌ، حَدَّثَنَا ابْنُ طَاوُسٍ، عَنْ أَبِيهِ، عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، قَالَ: كَانُوا يَرَوْنَ أَنَّ العُمْرَةَ فِي أَشْهُرِ الحَجِّ مِنْ أَفْجَرِ الفُجُورِ فِي الأَرْضِ، وَيَجْعَلُونَ المُحَرَّمَ صَفَرًا، وَيَقُولُونَ: إِذَا بَرَا الدَّبَرْ، وَعَفَا الأَثَرْ، وَانْسَلَخَ صَفَرْ، حَلَّتِ العُمْرَةُ لِمَنِ اعْتَمَرْ، قَدِمَ النَّبِيُّ ﷺ وَأَصْحَابُهُ صَبِيحَةَ رَابِعَةٍ مُهِلِّينَ بِالحَجِّ فَأَمَرَهُمْ أَنْ يَجْعَلُوهَا عُمْرَةً، فَتَعَاظَمَ ذَلِكَ عِنْدَهُمْ، فَقَالُوا: يَا رَسُولَ اللَّهِ، أَيُّ الحِلِّ؟ قَالَ: «حِلٌّ كُلُّهُ«.

Salgylanma:

” •Jahiliýýet döwüri haram aýlarynda söweş etmek gadagan bolupdyr. (Haram aýlary: Rejeb, Zul-ka‘da. Zul-hijje we Muhharram aýlarydyr). Soňky üç aý yz-yza gelýän aýlardyr. Olar bu aralygy gaty uzak hasaplap, öz ýanlaryndan özlerini aldap, Muharram aýy Sapar aýyndan soň gelýär diýipdirler. •Adamlaryň haj aýlarynda düýeleriniň arkasyna ýüklän agyr ýükleriniň galdyran ýaralary bitişen wagty • Haj yzlary gutarsa • Ýagny towaf, sa‘y edip, saçlaryndan aldyryp, yhramdan çykmaklaryny emr etdi. • Ýagny hajyň iki sany halallanmagy bardyr (ýagny yhramdan çykmagy). Doly we ýarty.”