"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen diňe haj etmek niýeti bilen (Medineden) çykdyk. Mekgä ýetip, Käbäň daşyndan towaf edenimizden soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem, ýany bilen gurbanlyk malyny getirmediklere yhramdan çykmaklygy emr etdi. Soňra öz ýanlary bilen gurbanlyk malyny getirmedikler yhramdan çykdylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýallary hem ýanlary bilen gurbanlyk mallaryny getirmändiler. Şol sebäpli olar hem yhramdan çykdylar.
Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “Meniň aýbaşym geldi, şol sebäpli hem Käbäniň daşyndan towaf edip bilmedim. Haçanda Hasba gijesi gelende, Aişa: ‘Ýa Resulallah! Ähli adamlar haj we umra edip gaýdyp barýarlar, men bolsam diňe bir haj bilen gaýdyp barýan” diýdim.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Mekgä gelen gijelerimiz towaf etmediňmi?” diýdi. Men: “Ýok” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Doganyň bilen Tan‘yma git-de, şol ýerden umra etmek üçin yhrama gir-de, telbiýe et. Soňra şu ýerde duşuşarys” diýdi.
Soňra Safiýýa (enemiz) şeýle diýdi: “Meniň pikirimçe, menem adamlary ýollaryndan saklamaly bolaýmasam!” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Wah seniň! Sen näme gurbanlyk güni towaf etmediňmi näme?” diýdi. Ol: “Etdim” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “(Onda) zyýany ýok, gidiber” diýdi.
Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “Men umradan gaýdyp gelýärkäm, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekgeden ýokaryk çykyp barýarka, men hem Mekgeden aşak düşüp barýarkam ýa-da men ýokaryk çykyp barýarkam, ol bolsa aşak düşüp barýarka, onuň bilen duşuşdyk”."
” •Ýagny on üçi gün, Muhassab diýilýän ýere gelenlerinde
• Ýagny Safiýýa enemiziň wedag towafyny etmänkä, aýbaşysy gelipdir. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa gidiber diýdi. Aýbaşysy gelen aýal hoşlaşyk towafyny etmän giden bolsa zyýany ýokdur.”