"Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (Hoşlaşyk hajyndan öň) meni Ýemende ýaşaýan bir kowumyň ýanyna iberdi. (Ýemenden) yzyma gaýdyp gelenimde, men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (eýýäm, Mekgäniň golaýyndaky) Bahtada wagty ýanyna gelip ýetişdim. Ol menden: “Sen haýsy niýet bilen yhrama girdiň?” diýip sorady. Men hem: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň niýet edip yhrama girişi ýaly, yhrama girdim” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Sen ýanyň bilen gurbanlyk mal getirdiňmi?” diýip sorady. Men: “Ýok” diýdim. Şondan soň men onuň buýrugy esasynda Käbäniň daşyndan towaf edip, Safa-Merwäniň arasynda sa‘y etdim. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa yhramdan çykmagy emr etdi. Men hem yhramdan çykdym we öz taýpamdan bir zenan maşgalanyň ýanyna bardym, ol meniň saçymy darady (ýa-da ýuwup berdi)”.
Soňra Omar (Allah ondan razy bolsyn! Halyf bolan döwri Mekgä) geldi we şeýle diýdi: “Eger-de biz Allahyň kitabyndan alyp (amal etsek), onda Ol bize (haj bilen umrany niýet edip yhrama giren bolsak, yhramdan çykman ony doly) tamamlamagymyzy emr edýär. Allah Tagala şeýle diýýär: “Allahyň razylygy üçin haj we umrany (berjaý edip) tamamlaň!...”. {Bakara:196}. Eger-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň sünnetine eýersek, onda ol hem öz ýany bilen getiren gurbanlyk mallaryny gurban edýänçä yhramdan çykmady”."