1537

18-nji bap

1537

18-nji bap

1537

18-nji bap

Sa‘yd ibn Jubeýrden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun, yhramly wagty saçlaryna) ýag çalardy. Men muny Ibrahym (En-Nahaga) gürrüň berenimde: “Sen Ibn Omaryň sözlerini näme etjek?” diýdi...”.

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ يُوسُفَ، حَدَّثَنَا سُفْيَانُ، عَنْ مَنْصُورٍ، عَنْ سَعِيدِ بْنِ جُبَيْرٍ، قَالَ: كَانَ ابْنُ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، يَدَّهِنُ بِالزَّيْتِ، فَذَكَرْتُهُ لِإِبْرَاهِيمَ، قَالَ: مَا تَصْنَعُ بِقَوْلِهِ.

Salgylanma:

• Ibn Omaryň yhram baglan wagty hoşboý yslary çalmakdan gaça durandygyny Ibrahym En-Nehaga gürrüň beripdir. Ol hem: “Sen Ibn Omaryň sözlerini näme etjek?” diýipdir. Çünki, Aişa (Allah ondan razy bolsun): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem yhramly wagty (saçynyň) açylan ýerine (çalnan) hoşboý ysynyň parlap durşy meniň häzirem göz öňümden gidenok” diýipdir, diýdi