Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinäniň ýaşaýjylary üçin Zul-Huleýfäni, Şam halky üçin Juhfäni, Ýemen halky üçin Ýelemlemi we Nejd halky üçin bolsa, Karny mikat edip belledi. Ol ýerler, şol ýerlerde ýaşaýan halk üçin hem-de başga ýerlerde ýaşap, ýöne haj ýa-da umra zyýaratlaryny berjaý etmek maksady bilen şol ýerlerden geçip barýanlar üçin (yhram baglanýan) mikat ýeri edip belledi. Kim bu mikatlardan bäride ýagny, Mekgä golaý ýaşaýan bolsa, onda onuň mikaty bolýan ýerinden (ýagny öýünden) başlar. Mekge şäheriniň ýaşaýjylary bolsa, Mekgäniň özünden yhram baglarlar”.