1526

9-nji bap

1526

9-nji bap

1526

9-nji bap

Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medine halky üçin Zul-Huleýfäni, Şam halky üçin Juhfäni, Nejd halky üçin Karnal-Mänäzili we Ýemen halky üçin bolsa Ýelemlemi mikat edip belledi. Bu ýerler, şol ýerlerde ýaşaýan halk üçin hem-de başga ýurtlarda ýaşap, ýöne haj ýa-da umra ybadatlaryny berjaý etmek maksady bilen şol ýerlerden geçip barýanlar üçin (yhram baglanýan) mikat ýeri höküminde bellenilendir. Kim bu mikatlardan bäride ýagny, Mekgä golaý ýaşaýan bolsa, onda onuň mikaty bolýan ýerinden (ýagny öýünden) başlar. Mekge şäheriniň ýaşaýjylary, Mekgäniň özünden yhrama girerler”.

حَدَّثَنَا مُسَدَّدٌ، حَدَّثَنَا حَمَّادٌ، عَنْ عَمْرِو بْنِ دِينَارٍ، عَنْ طَاوُسٍ، عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، قَالَ: «وَقَّتَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ لِأَهْلِ المَدِينَةِ ذَا الحُلَيْفَةِ، وَلِأَهْلِ الشَّأْمِ الجُحْفَةَ، وَلِأَهْلِ نَجْدٍ قَرْنَ المَنَازِلِ، وَلِأَهْلِ اليَمَنِ يَلَمْلَمَ، فَهُنَّ لَهُنَّ، وَلِمَنْ أَتَى عَلَيْهِنَّ مِنْ غَيْرِ أَهْلِهِنَّ لِمَنْ كَانَ يُرِيدُ الحَجَّ وَالعُمْرَةَ، فَمَنْ كَانَ دُونَهُنَّ، فَمُهَلُّهُ مِنْ أَهْلِهِ، وَكَذَاكَ حَتَّى أَهْلُ مَكَّةَ يُهِلُّونَ مِنْهَا«.