Mugyra ibn Şu‘banyň kätibiniň gürrüň bermegine görä, bir gün Mu‘awiýe, Mugyra ibn Şu‘ba: “Maňa Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden eşiden bir hadysyňy ýazyp ugrat!” diýip hat ugratdy. Mugyra hem şeýle ýazyp ugratdy: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim: “Allah siziň bolar-bolgusyz, näbelli o diýdi, bu diýdi (myş-myş) sözleri aýtmagyňyzy, ýerliksiz ýere malyňyzy-puluňyzy sarp edip, israf etmegiňizi hem-de peýdasyz köp soraglary bermegiňizi halaýan däldir”.