"Ebu Sa‘yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem münberiň üstünde oturdy, biz hem onuň töwereginde oturypdyk, ol şonda şeýle diýipdi: “Menden soň size dünýäniň bol nygmatlarynyň we zynatlarynyň eçilmeginden we siziň olara köňlüňizi bermegiňizden gorkýaryn!”.
Şol wagt bir adam: “Ýa Resulallah! Haýyr (zat) ýany bilen şer (bir zady) getirip bilermi?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gürlemän, dymyp durdy. Sahabalar ol adama: “Seniň nämäň bar! Sen Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme ýüzlendiň, ýöne ol seniň bilen gürleşmedi?” diýdiler. Emma soňra, biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme wahy gelýändigini aňdyk”.
(Ebu Sa‘yd) şeýle diýdi: “Bir salymdan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňlaýyndan akyp duran derini süpürdi we öwgi äheňinde: “Hany ol, sorag beren nirede?” diýip sorady. Soňra şeýle diýdi:
“Elbetde haýyr (zat) öz ýany bilen şer (bir zady) getirmez. Ýaplaryň boýunda gögerýän ösümlikleriň içinde şeýle (bir otlar) bardyr, olar (islendik haýwanlary) öldürip bilýän ýa-da olary heläk edip biljek (dürli keselleri emele getirip) bilýändir.
Ýöne welin gök otlardan iýýän haýwanlar beýle däldir. Olar şol otlardan (garynlarynyň) gapdallary çişýänçä, durman iýerler, soňra bolsa, güne garşy öwrülip, ýeňillik bilen içlerini boşadarlar, peşew ederler, soňra ýene-de şol otlardan bol-bol iýmekligi dowam ederler.
Elbetde, dünýä datly, göz gamaşdyrýan we özüne çekiji bir zatdyr. Öz baýlygyndan garyp-misginlere, ýetimlere, (ýat ýurtlarda) ýolda galanlara sadaka beren baý musulman nähili gowy adamdyr! (ýa-da Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şuňa meňzeş bir zat aýtdy). Baýlygyny (bikanun) haramdan toplaýan adam, iýip hiç haçan doýmaýan açgöz adam ýalydyr we bu mal (baýlyk) Kyýamat güni onuň garşysyna şaýatlyk eder”."