1430

20-nji bap

1430

20-nji bap

1430

20-nji bap

Ukba ibn Harisden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň bilen bilelikde ikindi namazyny okap bolandan soň, howlugyp öýüne girip gitdi we az wagtdan soň çykyp geldi. Haçanda men (ýa-da adamlar) munuň sebäbini soranlarynda, Ol: “Öýde sadaka malyndan bolan bir bölek altyn goýupdym, onuň şu gije öýde galmagyny islemedim we ony paýlamak üçin bölekläp gaýtdym” diýdi”.

حَدَّثَنَا أَبُو عَاصِمٍ، عَنْ عُمَرَ بْنِ سَعِيدٍ، عَنِ ابْنِ أَبِي مُلَيْكَةَ، أَنَّ عُقْبَةَ بْنَ الحَارِثِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ حَدَّثَهُ، قَالَ: صَلَّى بِنَا النَّبِيُّ ﷺ العَصْرَ، فَأَسْرَعَ، ثُمَّ دَخَلَ البَيْتَ فَلَمْ يَلْبَثْ أَنْ خَرَجَ، فَقُلْتُ أَوْ قِيلَ لَهُ، فَقَالَ: «كُنْتُ خَلَّفْتُ فِي البَيْتِ تِبْرًا مِنَ الصَّدَقَةِ، فَكَرِهْتُ أَنْ أُبَيِّتَهُ، فَقَسَمْتُهُ«.

Salgylanma:

•Bu ýerdäki sadakadan maksat zekat maly göz öňüne tutulýar