"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “(Bir wagtlar) bir adam: “Men hökman sadaka bererin” diýipdir. Sadakasyny alyp öýünden çykdy we ony bilmän ogry adamyň eline berdi. Ertesi gün irden adamlar: “Ogra sadaka berilipdir” diýdiler. Ol adam: “Allahym! Saňa şükürler bolsun! Men (ýene) hökman sadaka bererin!” diýdi.
Sadakasyny alyp öýünden çykdy we ony (bilmän) bozuk, jelep bir aýalyň eline berdi. Ertesi gün irden adamlar: “Şu gije bozuk, jelep bir aýala sadaka berilipdir” diýdiler. Ol adam ýene-de: “Allahym! Saňa şükürler bolsun! Men bir bozuk, jelep aýala sadaka beripdirin. Men (ýene-de) hökman sadaka bererin!” diýdi we sadakasyny alyp öýünden çykdy we ony (bu gezek) bir baý adamyň eline berdi.
Ertesi gün irden adamlar: “Şu gije bir baý adama sadaka berilipdir” diýdiler. Ol adam (muny hem eşidip): “Allahym! Bir ogra, bir bozuk, jelep aýala hem-de bir baý adama sadaka berenim üçin Saňa şükürler bolsun!” diýdi.
Şondan soň kimdir-biri onuň (düýşünde) ýanyna gelip: “Ogra beren sadakaň, belki ony ogurlykdan saklar. Bozuk, jelep aýala beren sadakaň, belki ony (eden işlerine ökünip) zyna etmekden saklar. Baý adamam, belki mundan ybrat, sapak alyp özi hem Allahyň oňa beren baýlygyndan sadaka berip başlar” diýipdir."