"Ebu Mes‘uddan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda, sadaka aýaty inen wagty biz arkamyzda ýük daşap, hammallyk edip sadaka berip başladyk. Soňra bir adam gelip, köp mukdarda sadaka berdi. Munafyklar oňa: “Riýa (ile görkezmek) üçin berýär” diýdiler. Başga biri hem gelip, bir saag mukdarda hurma sadaka berdi. Munafyklar oňa-da: “Allah, munuň bir saag hurmasyna mätäç däldir” diýdiler. Soňra olar hakynda şu aýatlar indi:
“Mu’minlerden parz zekadyndan başga göwnünden çykaryp sadaka berenleriň, şeýle hem halal zähmeti bilen gazananyndan, zekat parz bolmasa-da, sadaka beren mu’minleriň üstünden gülenler, ine, Allah olaryň özlerini gülkünç ýagdaýa getirip, masgara edendir we olara diýseň elhenç bir azap garaşýandyr”. {Toba:79} "