Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Adamlara şeýle bir zaman geler, bir adam sadaka bermek üçin eline altynlaryny alyp, berer ýaly adam gözläp ýörer, ýöne ony aljak hiç kimi tapyp bilmez. Şeýle hem erkekleriň azlygy we aýallaryň köplügi sebäpli, özlerini gorar ýaly kyrk aýalyň bir erkegiň yzyna düşüp, (onuň hemaýatynda gezjek günleri hem) boljakdyr”.