Harisa ibn Wahbdan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden şeýle eşitdim diýipdir: “Sadaka beriň! Çüňki size şeýle bir döwür geler, bir adam sadakasyny alyp ony bermäge adam tapman gözläp ýörer, ýöne kabul edip aljak hiç kimi tapyp bilmez. (Hödürlän adamsy hem): “Egerde sen bu sadakaňy düýn getiren bolsadyň, men ony alyp bilerdim, ýöne welin, bu gün ol maňa gerek däl” diýer”.