"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Allahyň bir bendesini gabrynda goýulup, ýoldaşlary yzyna öwrülip gidenlerinde, olaryň aýakgaplarynyň sesini eşider we şol wagt onuň ýanyna iki sany perişde gelip, ony oturdarlar we ondan: “Sen bu adam, ýagny, Muhhamed sallallahu aleýhi wesellem barada näme aýdardyň?” diýip sorarlar. Mu’min adam: “Men onuň Allanyň guly we Resulydygyna şaýatlyk edýärin” diýer. Perişdeler oňa: “Dowzahdaky ýeriňe bir seret. Allah Tagala ony Jennetde bir ýer bilen çalyşdy” diýerler. Ol adam (şol wagt Jennetdäki we dowzahdaky) iki ýerini hem birden görer.
(Katada: “Bize ol mu’miniň gabyrynyň giňeldiljekdigi hem habar berildi” diýdi. Soňra Katada ýene-de Enesiň hadysyna gaýdyp geldi, we şeýle diýdi):
“Emma ol ölen adam kapyr (ýa-da munafyk) bir adam bolsa, ondan hem: “Sen bu adam barada näme aýdardyň?” diýip sorarlar. Ol adam: “Bilmedim, men diňe adamlar näme diýen bolsa, menem şony aýdardym” diýer. Soňra oňa: “Sen (Ol hakda) biljegem, okajagam bolmadyň!” diýerler. Soňra ony demir gürziler bilen urarlar. Ol şeýle bir ses edip gygyrar, onuň sesini adamlardan we jynlardan başga töweregindäki ähli zatlar eşider”."