1368

85-nji bap

1368

85-nji bap

1368

85-nji bap

"Ebul- Eswetden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek (Basradan) Medinä geldim. Şol wagtlar Medinede bir kesel bardy. Men Omar ibn Hattabyň (Allah ondan razy bolsun) ýanynda oturdym. Ýanymyzdan bir jynazany alyp geçdiler, adamlar ol merhumy gowulykda ýatladylar. Omar (Allah ondan razy bolsun): “Wajyp boldy!” diýdi. Soňra ýene bir jynazany alyp geçdiler, ony hem gowulykda ýatladylar. Omar (Allah ondan razy bolsun) ýene-de: “Wajyp boldy!” diýdi. Soňra üçünjisini alyp geçdiler, ony erbetlikde ýatlap geçdiler. Omar: “Wajyp boldy!” diýdi. (Ebul- Eswed) bu gezek men oňa: “Näme wajyp boldy, eý Mu’minleriň emiri?” diýip soradym. Ol şonda şeýle diýdi: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýdyşy ýaly aýtdym. Ol şeýle diýipdi: “Islendik bir musulmanyň gowulygyna dört sany adam şaýat bolsa, Allah ony Jennete salar”. Biz ondan: “Üç kişi bolsa näme?” diýip soradyk. Ol: “Üç bolsa-da” (bolar) diýdi. Biz ýene-de: “Iki bolsa näme?” diýip soradyk. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Iki bolsa-da bolar” diýip jogap berdi. Biz ondan bir adam hakynda soramadyk” diýdi."

حَدَّثَنَا عَفَّانُ بْنُ مُسْلِمٍ هُوَ الصَّفَّارُ، حَدَّثَنَا دَاوُدُ بْنُ أَبِي الفُرَاتِ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ بُرَيْدَةَ، عَنْ أَبِي الأَسْوَدِ، قَالَ: قَدِمْتُ المَدِينَةَ وَقَدْ وَقَعَ بِهَا مَرَضٌ، فَجَلَسْتُ إِلَى عُمَرَ بْنِ الخَطَّابِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، فَمَرَّتْ بِهِمْ جَنَازَةٌ، فَأُثْنِيَ عَلَى صَاحِبِهَا خَيْرًا، فَقَالَ عُمَرُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: وَجَبَتْ، ثُمَّ مُرَّ بِأُخْرَى فَأُثْنِيَ عَلَى صَاحِبِهَا خَيْرًا، فَقَالَ عُمَرُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: وَجَبَتْ، ثُمَّ مُرَّ بِالثَّالِثَةِ فَأُثْنِيَ عَلَى صَاحِبِهَا شَرًّا، فَقَالَ: وَجَبَتْ، فَقَالَ أَبُو الأَسْوَدِ: فَقُلْتُ: وَمَا وَجَبَتْ يَا أَمِيرَ المُؤْمِنِينَ؟ قَالَ: قُلْتُ كَمَا قَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «أَيُّمَا مُسْلِمٍ، شَهِدَ لَهُ أَرْبَعَةٌ بِخَيْرٍ، أَدْخَلَهُ اللَّهُ الجَنَّةَ»، فَقُلْنَا: وَثَلاَثَةٌ، قَالَ: «وَثَلاَثَةٌ»، فَقُلْنَا: وَاثْنَانِ، قَالَ: «وَاثْنَانِ» ثُمَّ لَمْ نَسْأَلْهُ عَنِ الوَاحِدِ.